Ylham Çeşmesi
Ylham Çeşmesi
  • 20
  • 482 888
Kerim Gurbannepesow – Ol enedir, ynsanlaryň belendi... | Sowal-Jogap
#GoşgularÇemeni
#KerimGurbannepesow - Sowal-Jogap
#GurbannazarEzizow
#ylhamcesmesi
#gosgylar
Ol nämedir şol bolmasa gülki ýok?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr.
Ol nämedir görki barda reňki ýok?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Agzybirlik- şo bolmasa gülki ýok.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
Ol mähirdir, görki barda reňki ýok,
Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr!
Ol kim bolar,ynsanlaryň belendi?
Belentligi wah gijiräk bilindi
. Ol nämedir bir söz bilen bulandy?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Ol enedir, ynsanlaryň belendi,
Belentligi ölenden soň bilindi.
Ol ýürekdir, bir söz bilen bulandy.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr!
Ol nämedir ömür baky ölme ýok?
Ol nämedir hemmesini bilme ýok?
Ol nämedir dili barda kelle ýok?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Ol abraýdyr ömür baky ölme ýok,
Ol ylymdyr hemmesini bilme ýok,
Ol serhoşdyr dili barda kelle ýok,
Başarşymça jogap bermek borjumdyr!
Ol kim bolar arzuw bilen ýetiler?
Bir aý geçip-geçmän demiň tutular.
Ol nämedir bir söz aýtsaň gutular?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Ol gelindir,arzuw bilen ýetiler,
Käte bir aý geçmän demiň tutular.
Ol göwündir hoş söz aýtsaň gutular.
Başarşymça jogap bermek borjumdyr!
Ol kim bolar seň mähriňden emen zat?
Soň tomzak dek emenini gömen zat?!
Ol nämedir dünýäde iň ýaman zat?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Şägirt bardyr, seň mähriňden emen zat.
Soň tomzak dek emenini gömen zat,
Ol töhmetdir dünýäde iň ýaman zat,
Saýgarşymça jogap bermek borjumdyr!
Ol ne haýwan adam kimin üşikli?
Ol ne ynsan her gün täze eşikli?
Içi bedroýdyr daşy gelşikli.
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Bedew atdyr adam kimin üşükli.
Býurokratdyr her gün täze eşikli,
Içi bedroýdyr daşy gelşikli
Synlaýşymça jogap bermek borjumdyr!
Ol kim ne hä ataň, ne ejäň ogly?
Ygtyýary başga birine bagly.
Ol kimiň ogluka, ýa kimiň guly?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Biweçler ne ataň,ne ejäň ogly.
Ähli erki saçlak birine bagly.
Hem-ä şonuň ogly,hem şonuň guly,
Başarşymça jogap bermek borjumdyr!
Ol kim bolar, içi doly garaňky,
Käte daşynada çykar reňki.
Ol kim bolar hem özgäňki hem seňki?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Ol göripdir içi doly garaňky,
Käte daşynada çykar reňki.
Ol gyzyňdyr, hem özgäňki hem seňki.
Oýlanşymça jogap tapmak borjumdyr!
Ol kim bolar özi barda ady ýok?
Ýöne weli sylap goýýan zady ýok.
Ol kim bolar tüssesi bar ody ýok?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Anonymçyň özi barda ady ýok.
Ýöne weli sylap goýjak zady ýok,
Kör zehiniň tüssesi kän ody ýok,
Seljerşimçe jogap bermek borjumdyr!
Ol ne myhman gonup geçer bir gezek?
Onsoň gelmez çagyrsaňda müň gezek?!
Kim ol däli oňa diňe sen gerek?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Ol ömürdir gonup geçer bir gezek.
Onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek.
Ol aşykdyr-oňa diňe sen gerek.
Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr!
Ol näme gyz üçin iň gerekli zat?
Ol näme dünýäde iň görmekli zat?
O nedir gözleri gara äýnekli zat?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Ol uýat gyz üçin iň gerekli zat.
Ol edep dünýade iň görmekli zat.
Ol aldaw gözleri gara äýnekli zat.
Oňarşymça jogap bermek borjumdyr!
Ol kimdir dünýäde iň bagtly oglan?
Ol kimdir dünýäde iň betbagt dogan?
Ol kimdir her säher gül bolup doglar?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Gyz uýaly oglan iň bagtly oğlan,
Uýa sansyz bolsa betbagtdyr dogan.
Tämiz gyz her säher gül bolup dogular.
Düşünşimçe jogap bermek borjumdyr!
Ol näme Taňryň hem dilinde sena?
Ol näme kast etseň ýumrular dünýä?
O ne iş dünýäde iň elhenç günä?
Aşyk bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Ol Söýgi Taňryň hem dilinde sena.
Söýýäne kast etseň ýumrular dünýä,
Söýgä böwet bolmak iň elhenç günä.
Öwrenşimçe jogap bermek borjumdyr!
Bir gyzyň yşkynda örtenip oda,
Söýeniňiz çynmy? Ýalanmy ýa-da?
Şoňa meňzeş gyz duşdymy dünýäde?
Şahyr bolsaň jogap bermek borjuňdyr!
Murgapda duşypdym gara gözüne,
Lebapda duşypdym güler ýüzüne,
Şabatda sataşdym şirin sözüne,
Kaspida sataşdym täsin näzine,
Paýtagtda sataşdym körpe gyzyna,
Emma bir göwrede tutuş özüne.
Sataşmanym habar bermek borjumdyr!
Iň soňky haýyşym etseňiz gaýrat,
Erbet zat köpmükä ýa-da ýagşy zat?
Şu sowaly çözmek düşenok aňsat
. Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Sowal sizden bolsun,bizdenem gaýrat.
Köpdi,köpdür erbet zatdan ýagşy zat.
Ýogsa dünýä birçak bolardy berbat,
Ynanşymça jogap bermek borjumdyr!
Şahyrym bereýin ýene bir sowal,
Dünýäde kim köpkä erkekmi aýal?
Şonam aýtsaň başga sowal berjek däl,
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
Bir dana diýipdir "Aýala-aýal"
Aýalyň gepine gidýänem aýal,
Emma men ol sözi gaýtalajak däl.
Täzeçeräk jogap tapmak borjumdyr!
Il güne ýaýrapdyr şeýle bir gürrüň,
Kä ärden aýallar merdiräk bu gün.
Çotuň kakyp özüň hasaplap görgün.
Baş buh bolsaň jemin tapmak borjuňdyr!
ylhamcesmesi
ylhamcesmesi
ylhamcesmesi123/
Music
audio library
Переглядів: 26 166

Відео

Gurbannazar Ezizow - Maňa öwran-öwran Diýdiler: Ýigit...
Переглядів 1,1 тис.4 роки тому
#Gurbannazar Ezizow - Maňa öwran-öwran Diýdiler: Ýigit... #GoşgularÇemeni #KerimGurbannepesow #GurbannazarEzizow #ylhamcesmesi #gosgylar Maňa öwran-öwran Diýdiler: «Ýigit, Sen durmuşy öwren, Sen durmuşa git. Şäherde güýz, gyşy Geçirmä derek, Gidip bu durmuşy, Öwrenmek gerek!» Düşünemok aýan, Duşünemok hiç. Men nirde ýaşaýan Şu wagta deňiç? Men haýsy duzakda, Haýsy ýoldakam? Durmuşdan uzakda Niç...
Kerim Gurbannepesow - Adamyň ömri hakynda oýun gatyşykly çyn
Переглядів 2,6 тис.4 роки тому
#GoşgularÇemeni #KerimGurbannepesow - Adamyň ömri hakynda oýun gatyşykly çyn #GurbannazarEzizow #ylhamcesmesi #gosgylar On ýaşyňda owlaksyň sen, On bäşiňde - toklusyň. Bökmäge-de haklysyň sen, Ýatmaga-da haklysyň. Ýigrimide kürresiň sen, Ýigrimbäşde atsyň sen. Otuz-kyrkda çyn bedewsiň, Elliňde-de itsiň sen: Hem-ä hilegärsiň sen, Hemem akyllysyň sen. Duşman üçin ýaraksyň, Dosta ýakymlysyň sen. A...
Gurbannazar Ezizow - Görmeksiz Gyz
Переглядів 4,3 тис.4 роки тому
#GoşgularÇemeni #GurbannazarEzizow -Görmeksiz gyz #ylhamcesmesi #gosgylar Ine, barýaň umydyňa büdüräp, Egniň horlugyna utanyp çala. Uzakda orkestr joşup-titiräp, Tans edýär owadan gyzlary bile. Hor ellerňi çykaraňok ýeňiňden, Olar birden ýere ýetäýjek ýaly. Geçip barýaň ýigitleriň deňinden, Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly. Undup bilmän görmeksizje doglanyň, Ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň. Geçip...
Gurbannazar Ezizow - Säher turup syl ýüzüňe dünýäni
Переглядів 2,8 тис.4 роки тому
"Säher turup syl ýüzüňe dünýäni" Awtory-Gurbannazar Ezizow #goshgular #GurbannazarEzizow #ylhamcesmesi #GoşgularÇemeni #GurbannazarEzizow Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy, Päkligiňde bolup bilseň şonça bol. Sen sanama gara saçyň agyny, Sen sag-aman öreniňe monça bol. Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk, Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol. Şat günleriň bolmanyna gynanma, Şat günleriň bolanyna monça b...
Gurbannazar Ezizow - Seni Söýdüm......
Переглядів 9 тис.4 роки тому
#GoşgularÇemeni #Gurbannazar Ezizow - Seni Söýdüm...... Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim. Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm. Öz ýeňles gylygma gazaply boldum. Öz durmuş ornuma indi düşünýän. Adamlara has ynamly garadym Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim. Kyn pursatym medet berdi kalbyma, Jadyly däl - seniň ynsan gözleriň, «Kim men?» Jogap tapman şu günlere çen, Seni söýüp, kimdi...
Ogulbagt Eje we Juma Ýazmyradow
Переглядів 6944 роки тому
Ogulbagt ejäniň dilinden goşgy
Posolok we Topolok | Juma Ýazmyradow we beýlekiler
Переглядів 4,5 тис.4 роки тому
Halka açyk konsertden bölek ...
Posolok we Topolok | Juma Ýazmyradow we beýlekiler
Переглядів 15 тис.4 роки тому
Halka açyk konsertden bölek
Juma Ýazmyradow we Beýlekiler - Alaýaz gepleşigi
Переглядів 3884 роки тому
Arçman şypahanasynda Alaýaz gepleşigi hakynda halk bilen gürründeşlik
Juma Ýazmyradow - Goşgy
Переглядів 7714 роки тому
1994 njy yyl halka açyk konsertden bölek (poşolok-topolok )
Bagt-Baýlykda däl ...... | Goşgy
Переглядів 3,3 тис.4 роки тому
Mergen Annamuhammedow Awtory - Belli dal Ylhamcesmesi
Sady Sadyýew - Seni söýdüm...
Переглядів 4704 роки тому
SADI SADIYEW - SENI SOYDUM.... SES -MERGEN ANNAMUHAMMEDOW
Kerim Gurbannepesow - Senden uly ýok diýseler...
Переглядів 8764 роки тому
Adam bolmak kyn eken.......... #Kerim gurbannepesow #ylhamçesmesi #GoşgularÇemeni Senden uly ýok diýseler eselmegin sen Senden kiçi ýok diýseler peselmegin sen Öziñ kiçi bolsañ uly boljak bol Öziń uly bolsañ kiçi boljak bol Sen haly diýseler keçe boljak bol Sen keçe diýseler haly boljak bol Sen köçe diýseler ýoda ýaly bol Sen ýoda diýseler köçe boljak bol Hemä öz ýaşyñdan uly ýaly bol Hemem deń...
Kerim Gurbannepesow - Söýgi näme...
Переглядів 3,9 тис.4 роки тому
Kerim Gurbannepesow - Söýgi näme...
Kerim Gurbannepesow - Döwür Şeyle Döwür
Переглядів 48 тис.4 роки тому
Kerim Gurbannepesow - Döwür Şeyle Döwür
Kerim Gurbannepesow - Ömrüme Pent
Переглядів 21 тис.4 роки тому
Kerim Gurbannepesow - Ömrüme Pent
Kerim Gurbannepesow -Ýazmasy has agyr düşen goşgy
Переглядів 82 тис.6 років тому
Kerim Gurbannepesow -Ýazmasy has agyr düşen goşgy
Kerim Gurbannepesow-Ýazmasy agyr düşen goşgy.
Переглядів 254 тис.6 років тому
Kerim Gurbannepesow-Ýazmasy agyr düşen goşgy.

КОМЕНТАРІ

  • @DayanchbekNurmatov
    @DayanchbekNurmatov 7 годин тому

    Окувчы вагтым ятлапдым 1994 йыллар хенизем ядымда бейле шахыр ене гайта дунйа гелермика

  • @JahanBatyrova
    @JahanBatyrova 5 днів тому

    16.07.2024де ешитянлере саламлар😢😢😢 ежежан соййан сени 😢😢

  • @MerdanAtayew-s6j
    @MerdanAtayew-s6j 8 днів тому

    ALLA Yalkasyn 🤲🕋

  • @BesirMurat-dm2gq
    @BesirMurat-dm2gq 10 днів тому

    Öñüni görûp giden adam giṣgularny dinleÿan gözlerine yaṣ aÿlanyar jaÿy jennet bolsun

  • @Maks-v3f
    @Maks-v3f 18 днів тому

    Орс дилинде айданы екмыка😢

  • @elinausanova2761
    @elinausanova2761 25 днів тому

    🥺🥺🥺🥺

  • @elinausanova2761
    @elinausanova2761 25 днів тому

    Shol vagtynyn dovri bn hazirki dovri deneshdirse ondanam beter boldy dovur🥺

  • @BabajanBegenjow-xc2uc
    @BabajanBegenjow-xc2uc Місяць тому

    Ine hakyky gosgu

  • @AtajanAbdyyew-pg1cb
    @AtajanAbdyyew-pg1cb Місяць тому

    Yatan yerin yagty bolsun Kerim akga❤❤❤❤

  • @user-xh8gg7tq5y
    @user-xh8gg7tq5y Місяць тому

    Меканы ЖЕННЕТ болсун хорматлы шахырымыз Керим аганын. Гаты гынанчлы гошгы. Мекдепде окан вагтларымыздан билйес. Менин жигим Жемал ятлады актовый залда хемме ким аглапды😥😥

  • @AbdymuhametKoshekow
    @AbdymuhametKoshekow Місяць тому

    Beyik Yazyjy

  • @dowletgayypow5244
    @dowletgayypow5244 2 місяці тому

    😞😞😞😞😞😞😞😞😞😞😞😞😞😞😞

  • @dowletgayypow5244
    @dowletgayypow5244 2 місяці тому

    🤧🤧🤧🤧🤧🤧😢😢😢😢😢😢😢😢😢😢

  • @user-le1xq4rn3l
    @user-le1xq4rn3l 2 місяці тому

    ❤❤❤

  • @Saparniyazbayjanov812
    @Saparniyazbayjanov812 2 місяці тому

    Ing gowy gorip ayden goshgym shuul 😊Mekdep wagtda hemmesini yatlapdym ,Kerim şahyrymyzyň ozi aramyzdan giden bolsada hatyrasy baky yaşayar ❤

  • @YERCHEKEN
    @YERCHEKEN 2 місяці тому

    Ýeňsin ogluň dili bilen däl iş bn, Seňka ğörä has yitiräk huş bilen. Ayak dalde parasatly baş bilen, Ýeňsin ogul göziň rahat yumup git.

  • @HudayberdiKuvatov1
    @HudayberdiKuvatov1 3 місяці тому

    2024

  • @dayanchkakamyradov9528
    @dayanchkakamyradov9528 3 місяці тому

  • @kapa2026
    @kapa2026 4 місяці тому

    🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏👍👍👍👍👍👍👍

  • @user-qb3pt6ku8i
    @user-qb3pt6ku8i 4 місяці тому

    Beyik şahyr

  • @erkinturkmenistantv-radio8451
    @erkinturkmenistantv-radio8451 4 місяці тому

    Начало нового туркменского рабства... Täze türkmen gulçulygy… ua-cam.com/video/km2w77Iu7co/v-deo.html

  • @user-gk9go1qf7v
    @user-gk9go1qf7v 4 місяці тому

    Керим агамыза оз вагтында оз довринин МАГТЫМГУЛЫСЫ диййедик. Овгини халамазды. Дине гошгусы дел...хесиети билен оз бейиклигини ядыгерлик гоюп гитдт... 10:37

  • @HalilGurbanov
    @HalilGurbanov 4 місяці тому

    😢😢😢😢😢😢😢❤❤ene ÿùregi❤❤❤❤❤❤😢😢😢😢😢😢😢

  • @user-vl2np6ks6y
    @user-vl2np6ks6y 4 місяці тому

    😢😢😢😢😢😢😢😢😢😢wah kerimjan yatan yeriniz yagty jayin jennetden bolsun😢😢😢

  • @MagtymgulyMuhammetgeldiyew
    @MagtymgulyMuhammetgeldiyew 5 місяців тому

    Ýatan ýeriñ ýagtyý bolsun ýaşulym.

  • @orazhanartykowa1862
    @orazhanartykowa1862 5 місяців тому

    😢

  • @batyratayew1524
    @batyratayew1524 5 місяців тому

    Hany o günler dost

  • @user-ov6gz7xn1u
    @user-ov6gz7xn1u 5 місяців тому

    Мениң иң говы гөрйән гошгыларым бири.

  • @akjaashirklycheva4735
    @akjaashirklycheva4735 5 місяців тому

    😢😢😢😢😢😢😢

  • @KaxramonUmarkarayev-jp9kt
    @KaxramonUmarkarayev-jp9kt 5 місяців тому

    Гап йок

  • @begligylychdurdyyev3792
    @begligylychdurdyyev3792 5 місяців тому

    😢😢

  • @user-gi8eb7ij5e
    @user-gi8eb7ij5e 6 місяців тому

    ❤❤👍👍

  • @user-pw2yv9rc2n
    @user-pw2yv9rc2n 6 місяців тому

    Yazsamam yazdym welin agyyr dushdi goshgy 😢

  • @user-ru2th9ze7q
    @user-ru2th9ze7q 6 місяців тому

    ❤❤❤

  • @Zarok-ob5hr
    @Zarok-ob5hr 6 місяців тому

    Haçanda ölenden son gadyrny bilmeli dal barka bilin😢😢😢😢😢

  • @user-jt1cy7ux5o
    @user-jt1cy7ux5o 6 місяців тому

    Жайыг женнет болсин Бизе гоян несихатлы гошглариг учин миннетдар . Туркмениг 2жи Магтымгулысы.

  • @user-wo1yb1iy6b
    @user-wo1yb1iy6b 7 місяців тому

    Kerim aga ýatan yerin yagty bolsun bu aydysyn yally eger bolsadyda dowur😢

  • @Mmmrt235
    @Mmmrt235 7 місяців тому

    Okamasam kyn goshgy... 😢

  • @Volf0507
    @Volf0507 7 місяців тому

    Hojamyz dogry yazypdyr şol gunleri yaşanlarbar şu dövirde

  • @user-vt5xq4kd8y
    @user-vt5xq4kd8y 8 місяців тому

    Сиз дунйаде ин бейик шахыр😢

  • @user-vt5xq4kd8y
    @user-vt5xq4kd8y 8 місяців тому

  • @borispetrov6871
    @borispetrov6871 8 місяців тому

  • @bliznes
    @bliznes 8 місяців тому

    Ятан ериниз ягты болсун эзиз язувчымыз Биз ятурменлер элмыдама Сизи голдайарыс❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤...Золотые Слова......❤❤❤❤❤❤

  • @user-rr4dx8ex3y
    @user-rr4dx8ex3y 9 місяців тому

    kim okaýar?

  • @user-rv9ju4cl3p
    @user-rv9ju4cl3p 9 місяців тому

    ❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤😢😢😢😢😢😢😢😢

  • @merjencaryyeva770
    @merjencaryyeva770 10 місяців тому

    😢😢

  • @dowrannuryyew4500
    @dowrannuryyew4500 10 місяців тому

    Vah😢

  • @alphadostum
    @alphadostum 10 місяців тому

    👍👌👏

  • @songulsuhan5918
    @songulsuhan5918 10 місяців тому

    ❤❤❤ ovadan dogulma bagtli dogul