Kerim Gurbannepesow - Adamyň ömri hakynda oýun gatyşykly çyn
Вставка
- Опубліковано 14 жов 2024
- #GoşgularÇemeni
#KerimGurbannepesow - Adamyň ömri hakynda oýun gatyşykly çyn
#GurbannazarEzizow
#ylhamcesmesi
#gosgylar
On ýaşyňda owlaksyň sen,
On bäşiňde - toklusyň.
Bökmäge-de haklysyň sen,
Ýatmaga-da haklysyň.
Ýigrimide kürresiň sen,
Ýigrimbäşde atsyň sen.
Otuz-kyrkda çyn bedewsiň,
Elliňde-de itsiň sen:
Hem-ä hilegärsiň sen,
Hemem akyllysyň sen.
Duşman üçin ýaraksyň,
Dosta ýakymlysyň sen.
Altmyş, ýetmiş, segsen, togsan
Bular özüňe bagly.
Gaplaňam bolup bilersiň,
Möjegem bolup bilersiň,
Şagalam bolup bilersiň,
Doňuzam bolup bilersiň,
Bolsaň-da adam ogly.
Ýüze ýeteniňde weli
Borsuň ütülen towuk.
Ketegiň içem sowuk,
Ketegiň daşam sowuk.
Emma özüň adam bolsaň -
Ýokdur ullakan howp.
Iliň-günüň, dost-ýaryň
Seni horlamaz, garaz.
«Ütülen towuk» diýip,
Azaram berip durmaz.
Gaty gitse, diýerler:
«Ganatsyz, garry horaz!»
/ ylhamcesmesi
/ ylhamcesmesi
/ ylhamcesmesi123
Music
audio library
😟😟😟😟😟👍👍