Gurbannazar Ezizow - Säher turup syl ýüzüňe dünýäni

Поділитися
Вставка
  • Опубліковано 14 жов 2024
  • "Säher turup syl ýüzüňe dünýäni"
    Awtory-Gurbannazar Ezizow
    #goshgular #GurbannazarEzizow
    #ylhamcesmesi
    #GoşgularÇemeni
    #GurbannazarEzizow
    Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy,
    Päkligiňde bolup bilseň şonça bol.
    Sen sanama gara saçyň agyny,
    Sen sag-aman öreniňe monça bol.
    Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,
    Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol.
    Şat günleriň bolmanyna gynanma,
    Şat günleriň bolanyna monça bol.
    Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň,
    Goý, öçmesin sen ölçerme oduňy.
    Aýaklaryň ätjek ädimin äder,
    Göreçleriň görer görjek zadyny.
    Säher turup, syl ýüzüňe dünýäni,
    Giňligiňde bolup bilseň şonça bol.
    Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
    Senden sowlup geçmeýänine monça bol.
    Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,
    Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa.
    Bagy ikiýana bulanda tupan,
    Zerur çygy ýüzleriňe degmese.
    Gykuwlaşyp geçip gitse deňiňden,
    Ördekleriň ýyllar kimin hatary.
    Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň,
    Çözülen hem çözülmedik mataly.
    Şoň üçinem syl ýüzüňe dünýäni,
    Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et,
    Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
    Senden sowlup geçmeýänine şükür et.
    / ylhamcesmesi
    / ylhamcesmesi123
    / ylhamcesmesi
    Music
    / @audiolibrary_

КОМЕНТАРІ • 1