Kerim Gurbannepesow - Söýgi näme...
Вставка
- Опубліковано 14 жов 2024
- #kerimgurbannepesow #kerimaga
#ylhamçesmesi
#gosgy#sygyr #soygi
#Gurbannazarezizow #Gezizow
#GoşgularÇemeni
söýgi näme?” diýip soradym taldan.
ol diýdi: “söýgimi gidirip goldan,
örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
indi miwäm ýok-da,
boýum bar uzyn”.
“söýgi näme?” diýip soradym hozdan.
hoz diýdi: “ýeňilip bir ajap gyzdan,
gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
ondan beýlesinem
özüň bil, oglum!”
“söýgi näme?” diýdim bi gara garga.
ol diýdi: “sataşyp yşk diýen ugra,
garalyp galdym men: bişirdi hazan.
edil pamyk ýaly
ak guşdum ozal”.
“söýgi näme?” diýip ýüzlendim serçä.
ol diýdi: “entedip gijeden gijä,
agrammy mysgala getirdi yşlym.
men ozal dünýäde
iň uly guşdum”.
“söýgi näme?” diýdim zynjyrly dälä.
(pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
däli jogap berdi elhenç ses bilen:
“men, men, men…
ynha, söýgi men!..”
“söýgi näme?” diýdim bir ajap gyza.
ol iki elini uzatdy yza,
diýdi: “söýgi meniň edebim, haýam.
ýogsa şol ýigidi
guçardym eýýäm!”
“söýgi näme?” diýdim şahyra garap.
şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
diýdi: “sorag bar-da, jogap ýok yşka,
jogap bir başgadyr,
söýgi bir başga!”
/ ylhamcesmesi
/ ylhamcesmesi123
/ ylhamcesmesi
❤❤❤
Yaraly yurek
Молодец
Okayan kimka?