Kerim Gurbannepesow - Ol enedir, ynsanlaryň belendi... | Sowal-Jogap

Поділитися
Вставка
  • Опубліковано 27 чер 2020
  • #GoşgularÇemeni
    #KerimGurbannepesow - Sowal-Jogap
    #GurbannazarEzizow
    #ylhamcesmesi
    #gosgylar
    Ol nämedir şol bolmasa gülki ýok?
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr.
    Ol nämedir görki barda reňki ýok?
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Agzybirlik- şo bolmasa gülki ýok.
    Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
    Ol mähirdir, görki barda reňki ýok,
    Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr!
    Ol kim bolar,ynsanlaryň belendi?
    Belentligi wah gijiräk bilindi
    . Ol nämedir bir söz bilen bulandy?
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Ol enedir, ynsanlaryň belendi,
    Belentligi ölenden soň bilindi.
    Ol ýürekdir, bir söz bilen bulandy.
    Başarşymça jogap bermek borjumdyr!
    Ol nämedir ömür baky ölme ýok?
    Ol nämedir hemmesini bilme ýok?
    Ol nämedir dili barda kelle ýok?
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Ol abraýdyr ömür baky ölme ýok,
    Ol ylymdyr hemmesini bilme ýok,
    Ol serhoşdyr dili barda kelle ýok,
    Başarşymça jogap bermek borjumdyr!
    Ol kim bolar arzuw bilen ýetiler?
    Bir aý geçip-geçmän demiň tutular.
    Ol nämedir bir söz aýtsaň gutular?
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Ol gelindir,arzuw bilen ýetiler,
    Käte bir aý geçmän demiň tutular.
    Ol göwündir hoş söz aýtsaň gutular.
    Başarşymça jogap bermek borjumdyr!
    Ol kim bolar seň mähriňden emen zat?
    Soň tomzak dek emenini gömen zat?!
    Ol nämedir dünýäde iň ýaman zat?
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Şägirt bardyr, seň mähriňden emen zat.
    Soň tomzak dek emenini gömen zat,
    Ol töhmetdir dünýäde iň ýaman zat,
    Saýgarşymça jogap bermek borjumdyr!
    Ol ne haýwan adam kimin üşikli?
    Ol ne ynsan her gün täze eşikli?
    Içi bedroýdyr daşy gelşikli.
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Bedew atdyr adam kimin üşükli.
    Býurokratdyr her gün täze eşikli,
    Içi bedroýdyr daşy gelşikli
    Synlaýşymça jogap bermek borjumdyr!
    Ol kim ne hä ataň, ne ejäň ogly?
    Ygtyýary başga birine bagly.
    Ol kimiň ogluka, ýa kimiň guly?
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Biweçler ne ataň,ne ejäň ogly.
    Ähli erki saçlak birine bagly.
    Hem-ä şonuň ogly,hem şonuň guly,
    Başarşymça jogap bermek borjumdyr!
    Ol kim bolar, içi doly garaňky,
    Käte daşynada çykar reňki.
    Ol kim bolar hem özgäňki hem seňki?
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Ol göripdir içi doly garaňky,
    Käte daşynada çykar reňki.
    Ol gyzyňdyr, hem özgäňki hem seňki.
    Oýlanşymça jogap tapmak borjumdyr!
    Ol kim bolar özi barda ady ýok?
    Ýöne weli sylap goýýan zady ýok.
    Ol kim bolar tüssesi bar ody ýok?
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Anonymçyň özi barda ady ýok.
    Ýöne weli sylap goýjak zady ýok,
    Kör zehiniň tüssesi kän ody ýok,
    Seljerşimçe jogap bermek borjumdyr!
    Ol ne myhman gonup geçer bir gezek?
    Onsoň gelmez çagyrsaňda müň gezek?!
    Kim ol däli oňa diňe sen gerek?
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Ol ömürdir gonup geçer bir gezek.
    Onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek.
    Ol aşykdyr-oňa diňe sen gerek.
    Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr!
    Ol näme gyz üçin iň gerekli zat?
    Ol näme dünýäde iň görmekli zat?
    O nedir gözleri gara äýnekli zat?
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Ol uýat gyz üçin iň gerekli zat.
    Ol edep dünýade iň görmekli zat.
    Ol aldaw gözleri gara äýnekli zat.
    Oňarşymça jogap bermek borjumdyr!
    Ol kimdir dünýäde iň bagtly oglan?
    Ol kimdir dünýäde iň betbagt dogan?
    Ol kimdir her säher gül bolup doglar?
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Gyz uýaly oglan iň bagtly oğlan,
    Uýa sansyz bolsa betbagtdyr dogan.
    Tämiz gyz her säher gül bolup dogular.
    Düşünşimçe jogap bermek borjumdyr!
    Ol näme Taňryň hem dilinde sena?
    Ol näme kast etseň ýumrular dünýä?
    O ne iş dünýäde iň elhenç günä?
    Aşyk bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Ol Söýgi Taňryň hem dilinde sena.
    Söýýäne kast etseň ýumrular dünýä,
    Söýgä böwet bolmak iň elhenç günä.
    Öwrenşimçe jogap bermek borjumdyr!
    Bir gyzyň yşkynda örtenip oda,
    Söýeniňiz çynmy? Ýalanmy ýa-da?
    Şoňa meňzeş gyz duşdymy dünýäde?
    Şahyr bolsaň jogap bermek borjuňdyr!
    Murgapda duşypdym gara gözüne,
    Lebapda duşypdym güler ýüzüne,
    Şabatda sataşdym şirin sözüne,
    Kaspida sataşdym täsin näzine,
    Paýtagtda sataşdym körpe gyzyna,
    Emma bir göwrede tutuş özüne.
    Sataşmanym habar bermek borjumdyr!
    Iň soňky haýyşym etseňiz gaýrat,
    Erbet zat köpmükä ýa-da ýagşy zat?
    Şu sowaly çözmek düşenok aňsat
    . Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Sowal sizden bolsun,bizdenem gaýrat.
    Köpdi,köpdür erbet zatdan ýagşy zat.
    Ýogsa dünýä birçak bolardy berbat,
    Ynanşymça jogap bermek borjumdyr!
    Şahyrym bereýin ýene bir sowal,
    Dünýäde kim köpkä erkekmi aýal?
    Şonam aýtsaň başga sowal berjek däl,
    Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
    Bir dana diýipdir "Aýala-aýal"
    Aýalyň gepine gidýänem aýal,
    Emma men ol sözi gaýtalajak däl.
    Täzeçeräk jogap tapmak borjumdyr!
    Il güne ýaýrapdyr şeýle bir gürrüň,
    Kä ärden aýallar merdiräk bu gün.
    Çotuň kakyp özüň hasaplap görgün.
    Baş buh bolsaň jemin tapmak borjuňdyr!
    / ylhamcesmesi
    / ylhamcesmesi
    / ylhamcesmesi123
    Music
    audio library
  • Розваги

КОМЕНТАРІ • 16

  • @user-gk9go1qf7v
    @user-gk9go1qf7v 4 місяці тому

    Керим агамыза оз вагтында оз довринин МАГТЫМГУЛЫСЫ диййедик. Овгини халамазды. Дине гошгусы дел...хесиети билен оз бейиклигини ядыгерлик гоюп гитдт... 10:37

  • @gurbancemalhaytekova404
    @gurbancemalhaytekova404 2 роки тому +2

    Merhum şahyrymyz Kerim Gurbannepesov ýüreklerde örün tutan baky ýüreklerde ýaşan Kerim şahyrymyz ýatan ýeriň ýakdy olsun 🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹 jaýyň Jennet bolsun 🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹🌹

  • @user-jt1cy7ux5o
    @user-jt1cy7ux5o 3 роки тому +2

    Жайин женнет , рухин шат болсин .
    Сенин гошгуларин эшдип улалдик хем эшдип яшиес .Гошгыны бизе етирен инсана хем коп коп саглик дилиен .

  • @bilbilhommadowa1316
    @bilbilhommadowa1316 3 роки тому +1

    Gaýtalanmajak beýik hem belent şahyr

  • @borispetrov6871
    @borispetrov6871 8 місяців тому

  • @alphadostum
    @alphadostum 10 місяців тому

    👍👌👏

  • @aysoltankerimowa2178
    @aysoltankerimowa2178 3 роки тому +2

    Gatyyyyyyy gowy.😍

  • @user-vv6zf3hn4i
    @user-vv6zf3hn4i 3 роки тому +1

    Belent adam

  • @baharrozyyewa9150
    @baharrozyyewa9150 3 роки тому +1

    👌

  • @turkmenyigidi5907
    @turkmenyigidi5907 2 роки тому

    👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍

  • @rovshensahatov7019
    @rovshensahatov7019 3 роки тому +1

    Sozum yok

  • @dovletmuhammetnyyaz9523
    @dovletmuhammetnyyaz9523 3 роки тому

    👏👍🇹🇲

  • @ilhamtagan1988
    @ilhamtagan1988 2 роки тому

    Догры

  • @merjenatayeva9173
    @merjenatayeva9173 4 роки тому +1

    👍

  • @user-ln6ev2xb7z
    @user-ln6ev2xb7z 2 роки тому

    Гатты говы