Kerim Gurbannepesow Ýaşlyk dramasy......... Gaññalyñ oýunda Tejende galdy, Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. Okgeçmez ýylgynlañ içinde galdy, Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. Bir ýandan urushdy, bir ýandan hasrat, Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat. Shol ýowuz ýyllara gelipdi gabat, Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. Däriler ýanýardy ys köpelýärdi, Gidýänler, gelýänden has köpelýärdi. Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi, Meniñ ýigit wagtym, çuwal gyz wagtyñ. Söýüshmek düshmejek ýalydy ýada, Emma "söýgi" diýen jadyly zada, Höküm etmez eken hiç hili kada, Heniz ýigit wagtyñ, heniz gyz wagtyñ. Diýerdim: "Geregim, çen boldy oýlan, Ähli boýdashlaryñ bashlary boglan". Sen diýerdiñ: "Garrap barýamyñ oglan, Äwmäñ öz wagty bar, sabyryñ öz wagty". Boýnuñdan gelerdi jeññeliñ ysy, Goýnuñdan urardy tümmüliñ ysy. Demiñden kükärdi müñ gülüñ ysy, Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. Kem-kemden golaýlap lebiñe lebim, Çabrap bashlanda demiñe demim. Näz bilen iterdiñ: "Hany edebiñ, Söýgi bulashmazmy, edep az wagty". Oñushmaly bordum saçlaryñ ysgap, Leb gadagan wagty olam bir hasap. Ýöne beýle hasap düshmezdi añsat, Hasap ýitýän eken, dyzba-dyz wagtyñ. Çykarmy ýadymdan shol täsin pursat, Çykjak bolaýsada bermen rugsat. Gursagmyñ üstünde gürsüldäp gursak, Keteniñ içinde gyzyl köz wagtyñ. Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi sheýle, Ýañjada gushlukdy, bolupdyr öýle. S en diýdiñ: "Pylanjan, gaýdaly öýe, Ýigidiñ öz wagty bar, gyzyñ öz wagty". Sho mahal ýokardan geldi bir owaz, Seretsem, toraññy urup dur perwaz: "Ashyklar, ýenede sabyr ediñ biraz, Görmändim saýamyñ, beýle ýaz wagtyn". Derýada seslendi: "Etmäñ ätiýaç, Size kast etjege taparyn alaç. Siziñ kimin birek-birege mätäç, Görüpdim ne derýa, ne tekiz wagtym". Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt, Gygyrdy: "Siz juda mynasyp jübüt. Ýöne welin gysha galaýma ýigit, Miwe ýetishdimi, ýygna güýz wagty". Tokaý bürgüdinden alyp ak pata, Gysha galmazlygy edipdik wada. Ýa sen sada bolduñ, ýada men sada, Birden tupan gopdy, dünýäñ ýaz wagty. Bilmedim nämäniñ hesiri boldy, Eneñ bir sawçynyñ ýesiri boldy. Sheýtdi-de özgäniñ nesibi boldy, Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. Atdylar mashyna, ses etdiñ aglap, Topuldym, çekdiler golumdan towlap. Bir menzile gitdim yzyñdan ylgap, Gök kürtelem bolsañ, heniz gyz wagtyñ. Bir gujak alyn saç, bir gujak çokul, Üç gujak örüm saç, on gujak akyl. Shunça hazynany bir kürtä bukup, Ýitdiñ gözlerimden, dañyñ saz wagty. Dogry aý ýarymdan dolandyñ sen soñ, Öñ meñkidiñ welin, meñki däl onsoñ. Shonda men diýipdim: "Sen bagtly bolsañ, Hemä meniñ bagtym, hemem öz bagtyñ". Shobada ýüzüñde göründi ünji, Gözleriñden gaçdy üç sany hünji. Soñ gaçdy dördünji, onsoñ bäshinji, Shonda iñ mert wagtym, iñ ejiz wagtyñ. Içerde otursam ýüregim gysýar, Dasha çyksam, asman depämden basýar. Shol goshgyñ henizem bagrymy kesýär, Tas shahyr bolupdyñ, çuwal gyz wagtyñ. Tas shahyr bolupdyñ, borduñam belkem, Shahyrlyk, ýangyndan bashlanýan eken. Ýene gaýdyp gitdiñ, sowashdym kem-kem, Shonda-da kuwwat sen, her ýalñyz wagtym. Kim bolsada saña satashan kishi, Çagalañ bagtyna sag bolsun bashy. Ýöne, señ bashyña salaýsa gyshy, Gijä öwrülmezmi, oñ gündiz wagty. Çümdürse eliñe ýekeje tiken, Shol tiken müñ bolup bagryma çöker. Shygyryma düshüner yshk ýükün çeken, Çekmedik ýitirer, öz eziz wagtyn. Ýene shuny bilsin, ol bagtly oglan: Beýle gyz dogmandy, indi-de dogmaz. Dogsada, ýüz ýyldan bir gezek doglar, Onda-da säheriñ, iñ tämiz wagty. Arada aýlandym Tejen ýerlerine, Ýashlyk ýyllarymyzyñ geçen ýerlerine. Seredip gözýashyñ seçen ýerleriñe, Geçirdim bir gije, bir gündiz wagtym. Gaññalyda otyr öñki ýerinde, Toraññyda otyr öñki ýerinde. Sho derýada ýatyr öñki ýerinde, Bir tapmadyk zadym öñki ýerinden Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ... Kerim Gurbannepesow.
Очень нравится этот стих. Привет из Бухары от Бухарского туркмена всем братьям туркменам
Ятан ерин ягты болсын жайын женнетден болсын бейик шахырым
Ылахы шахыр агзына жебрайыл перишде салгы берен 🙏🙏🙏💯💯
Хер гезек эшиденде шу гошгуны теним тикенеклейар.бизем шунун ялы арасса сойушупдик.❤😢😢😢
Salam bardynyzmy söýgülünize.
Вах Жаным туременистаным, Жайын женнет болсун махрибан Жума Язмырадов
Meniň yiğit wagtym,
Seniň gyz wagtyn...
13.06.2023 00 : 34
Ятан ерин ягты болсун шахырым
Хемманизе саг болун.ятдан чыкарманыныза
KErim şahyryň başga eserlerinem goýaý
Ömrüme pent, döwür şeýle döwür
Жума Язмырат ятан ери ягты жайы женнет болсун
Настоящий любовь. Ятан еринг яхты болсин шахир.
Керим шахыр ве Жума артист туркмен сунгатынин парлап дуран йылдызлары БЕЙИК адамлар элмыдама бейикдир
Тувелеме гоз яш билен динледим😭 саг бол доганы.
Голос чудесный и как Вы прочли этот стих 😢 очень тронуло 🙏
😢😢😢yatan ýeriñ ýagty bolsun!!! Kerim Gurbannepesow 😢😢😢
Iň halaýan şygrym
Berekella
Просто без слов 😍😍😢
Meniñ ýigit vagtym seniñ gyz vagtyñ❤❤❤
Отлично
Deñi taýy ýok drama
Näçe eşitseňde yene eşidesiň gelyär
Bravo
Super
Как больно😢 Мой Папа был с Теджена ❤❤❤❤❤😢
Malades dosim👏👏👏👏👏
Менин сойгили шахырым хемме гошгыларыны ят тутупдым окувчы вагтым
Ajaýyp
Òràn gowy aýdylan
Halypam oldirdi gosh Sol zatlar mende gaytalanya 😢
Hazir onkii yalyy soygii barmyy ...hemmesii farsiwii. GYZLARAM SAMSYK... OGLAMLARAM BALAK CALYSAN YALYY.
❤
oldrday buu gosgyy
👍
💔💔💔
👍👍👍✌✌✌👏👏👏
malatsy
Gaty zor gosgay
😍😍😍😍😍
Sular yasasa durmusda yalnysan adam az bolardy
Kerim Gurbannepesow Ýaşlyk dramasy.........
Gaññalyñ oýunda Tejende galdy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.
Okgeçmez ýylgynlañ içinde galdy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.
Bir ýandan urushdy, bir ýandan hasrat,
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat.
Shol ýowuz ýyllara gelipdi gabat,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.
Däriler ýanýardy ys köpelýärdi,
Gidýänler, gelýänden has köpelýärdi.
Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi,
Meniñ ýigit wagtym, çuwal gyz wagtyñ.
Söýüshmek düshmejek ýalydy ýada,
Emma "söýgi" diýen jadyly zada,
Höküm etmez eken hiç hili kada,
Heniz ýigit wagtyñ, heniz gyz wagtyñ.
Diýerdim: "Geregim, çen boldy oýlan,
Ähli boýdashlaryñ bashlary boglan".
Sen diýerdiñ: "Garrap barýamyñ oglan,
Äwmäñ öz wagty bar, sabyryñ öz wagty".
Boýnuñdan gelerdi jeññeliñ ysy,
Goýnuñdan urardy tümmüliñ ysy.
Demiñden kükärdi müñ gülüñ ysy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.
Kem-kemden golaýlap lebiñe lebim,
Çabrap bashlanda demiñe demim.
Näz bilen iterdiñ: "Hany edebiñ,
Söýgi bulashmazmy, edep az wagty".
Oñushmaly bordum saçlaryñ ysgap,
Leb gadagan wagty olam bir hasap.
Ýöne beýle hasap düshmezdi añsat,
Hasap ýitýän eken, dyzba-dyz wagtyñ.
Çykarmy ýadymdan shol täsin pursat,
Çykjak bolaýsada bermen rugsat.
Gursagmyñ üstünde gürsüldäp gursak,
Keteniñ içinde gyzyl köz wagtyñ.
Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi sheýle,
Ýañjada gushlukdy, bolupdyr öýle. S
en diýdiñ: "Pylanjan, gaýdaly öýe,
Ýigidiñ öz wagty bar, gyzyñ öz wagty".
Sho mahal ýokardan geldi bir owaz,
Seretsem, toraññy urup dur perwaz:
"Ashyklar, ýenede sabyr ediñ biraz,
Görmändim saýamyñ, beýle ýaz wagtyn".
Derýada seslendi: "Etmäñ ätiýaç,
Size kast etjege taparyn alaç.
Siziñ kimin birek-birege mätäç,
Görüpdim ne derýa, ne tekiz wagtym".
Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt,
Gygyrdy: "Siz juda mynasyp jübüt.
Ýöne welin gysha galaýma ýigit,
Miwe ýetishdimi, ýygna güýz wagty".
Tokaý bürgüdinden alyp ak pata,
Gysha galmazlygy edipdik wada.
Ýa sen sada bolduñ, ýada men sada,
Birden tupan gopdy, dünýäñ ýaz wagty.
Bilmedim nämäniñ hesiri boldy,
Eneñ bir sawçynyñ ýesiri boldy.
Sheýtdi-de özgäniñ nesibi boldy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.
Atdylar mashyna, ses etdiñ aglap,
Topuldym, çekdiler golumdan towlap.
Bir menzile gitdim yzyñdan ylgap,
Gök kürtelem bolsañ, heniz gyz wagtyñ.
Bir gujak alyn saç, bir gujak çokul,
Üç gujak örüm saç, on gujak akyl.
Shunça hazynany bir kürtä bukup,
Ýitdiñ gözlerimden, dañyñ saz wagty.
Dogry aý ýarymdan dolandyñ sen soñ,
Öñ meñkidiñ welin, meñki däl onsoñ.
Shonda men diýipdim: "Sen bagtly bolsañ,
Hemä meniñ bagtym, hemem öz bagtyñ".
Shobada ýüzüñde göründi ünji,
Gözleriñden gaçdy üç sany hünji.
Soñ gaçdy dördünji, onsoñ bäshinji,
Shonda iñ mert wagtym, iñ ejiz wagtyñ.
Içerde otursam ýüregim gysýar,
Dasha çyksam, asman depämden basýar.
Shol goshgyñ henizem bagrymy kesýär,
Tas shahyr bolupdyñ, çuwal gyz wagtyñ.
Tas shahyr bolupdyñ, borduñam belkem,
Shahyrlyk, ýangyndan bashlanýan eken.
Ýene gaýdyp gitdiñ, sowashdym kem-kem,
Shonda-da kuwwat sen, her ýalñyz wagtym.
Kim bolsada saña satashan kishi,
Çagalañ bagtyna sag bolsun bashy.
Ýöne, señ bashyña salaýsa gyshy,
Gijä öwrülmezmi, oñ gündiz wagty.
Çümdürse eliñe ýekeje tiken,
Shol tiken müñ bolup bagryma çöker.
Shygyryma düshüner yshk ýükün çeken,
Çekmedik ýitirer, öz eziz wagtyn.
Ýene shuny bilsin, ol bagtly oglan:
Beýle gyz dogmandy, indi-de dogmaz.
Dogsada, ýüz ýyldan bir gezek doglar,
Onda-da säheriñ, iñ tämiz wagty.
Arada aýlandym Tejen ýerlerine,
Ýashlyk ýyllarymyzyñ geçen ýerlerine.
Seredip gözýashyñ seçen ýerleriñe,
Geçirdim bir gije, bir gündiz wagtym.
Gaññalyda otyr öñki ýerinde,
Toraññyda otyr öñki ýerinde.
Sho derýada ýatyr öñki ýerinde,
Bir tapmadyk zadym öñki ýerinden
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ...
Kerim Gurbannepesow.
Salamaleykim watandaşlar gok kurtelem bolsaň heniz gyz wagtyň diýmek bn şahyr näme diýjek bolupdur bilyan bolsaňyz ýazmagyňyzy haýyşt edýän
Gaty gowy gosgy
Türkmenistan watanyma döneyin
😂😂😂😂
Начало нового туркменского рабства... Täze türkmen gulçulygy…
ua-cam.com/video/km2w77Iu7co/v-deo.html
(((
:((
Inni ne sahyr galy ne de artis
😂😂😂😂
💔