Şu günler Tailand Patyşalygynyň Phuket şäherinde agyr atletika boýunça geçirilýän Dünýä kubogynda

Поділитися
Вставка
  • Опубліковано 12 кві 2024
  • @perhatpalwan Şu günler Tailand Patyşalygynyň Phuket şäherinde agyr atletika boýunça geçirilýän Dünýä kubogyndan hoş habarlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär.
    Milli wekiliýetiň abraýly ýaryşdaky nobatdaky netijesi agyr atletika boýunça ýygyndy toparymyzyň türgeni, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Dawranbek Hasanbaýew tarapyndan gazanyldy.
    102 kg agram derejesinde çykyş eden ildeşimiziň silterläp galdyrmakdaky 187 kg barabar bolan görkezijisi altyn medal bilen bellendi.
    Onuň itekläp galdyrmakdaky netijesi 205 kilograma barabar boldy. Umumy görkezijisi boýunça 392 kg agyrlygy boýun egdiren Dawranbek iki ugruň jemi esasynda öňdäki bäşlige girmegi başardy.
    Şeýlelikde, dünýä reýtinginiň öňdäki onlugyna girmegi başaran ildeşimiz Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýollanma gazandy.
    Türgen Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) metbugat gullugyna beren interwýusynda öz görkezijisini 19 kilograma çenli artdyrmaga mümkinçilik beren netijeli strategiýasy üçin tälimçisine hoşallygyny beýan etdi.
    Ol türgenleşik wagtynda agramlary dürs keskitlemegiň möhümdigine hem ünsi çekdi.
    Biz türkmen toparynyň bu ýaryşdaky ilkinji medalyny Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndy toparynyň türgeni, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň esgeri Maksat Meredow tarapyndan gazanylandygyny ozal habar beripdik.
    81 kg agram derejesinde çykyş eden Maksat kümüş medallaryň üçüsini eýelemegi başarypdy.
    Ol silterläp galdyrmakda 146 kg, itekläp götermekde 182 kg, umumylykda bolsa 328 kg agyrlyklary galdyrmagyň hötdesinden gelipdi.
    Ýeri gelende bellesek, ýaryşa gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 11 türgen wekilçilik edýär.
    Dünýä Kubogynda 110 döwletden bolan türgenleriň 459-sy çykyş edýär.
    Ýaryş 11-nji aprelde tamamlanar.
    #salamnews #sport #agyratletika #kubok #tayland #training #workout #baseball #motivation #athlete #sky #bhfyp #parachute #jumper #instagood #perhatpalwan #infavoritedance #infavoritesports #infavoritenature #infavoriteplaces #infavoritehotels #infavoritefly #infavoritedestinations #infavoritelife #infavoritemachines #infavoritewild #infavoritewilds #infavoritenatures #infavoritefoods #infavoritematters
  • Спорт

КОМЕНТАРІ • 4