HG: Aşgabadyň häkimiýetleri zibil dörýän raýatlary çelekleriň ýanyndan kowýar
Вставка
- Опубліковано 9 лют 2025
- Şu günki programmamyzda:
Aşgabadyň häkimiýetleri şäherdäki zir-zibil dökülýän çelekleriň daş-töweregine gözegçiligi ýene güýçlendirdi. Bu ýerlerde nobatçylyk çekýän paýtagtyň arassaçylyk gullugynyň işgärleri azyk gözleginde zibil dörmäge gelen raýatlary kowýarlar. Bu waka, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, paýtagtda we welaýatlarda zibil dörýän adamlaryň köpelýändigi barada Azatlyk Radiosyna yzly-yzyna gelip gowşan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Daşoguz şäherinden etraplara gatnaýan ugurlaryň käbirinde minibuslaryň gatnawy doly kesildi. Azatlygyň habarçysy Daşoguzdan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna gatnaýan minibuslaryň duçar bolan bu gadagançylygynyň sebäplerini anyklady.
Türkmenistanda hususy ulagynda paýtagt Aşgabat bilen welaýatlaryň arasynda kireý edýän sürüjiler indi Änewdäki awtoduralgadan hem kowulýarlar. Sürüjiler bu çäräniň özleriniň gazanjyna juda oňaýsyz täsir edýändigini belleýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň “aýylganç tragediýa” atlandyran rus dron hüjümi ukrain sebit paýtagty Sumy şäherinde köp gatly ýaşaýyş binasyna zarba urup, azyndan dokuz adamy öldürdi, 13 adam, şol sanda bir çaga şikeslendi diýip, resmiler aýdýar.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
Kin dovur boldi halkiń yagdayi
Бай бов.
👍
😮😮
Türkmende minibus diyen söz yok gayrat edin Türkmen dilinde gürlayiñ
😂