HG: Aşgabada gelýän welaýat ýaşaýjylaryna gözegçilik ýene güýçlendi
Вставка
- Опубліковано 8 лют 2025
- Şu günki programmamyzda:
Aşgabadyň häkimiýetleri welaýatdan paýtagta gelýän raýatlara gözegçiligini ýene güýçlendirdiler. Häzirki wagtda saglyk bejergisi üçin paýtagta gelýän welaýat ýaşaýjylary hem saklanyp, olara jerime salynýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.
Türkmenistanda geçirilen soňky ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça jikme-jik sanlaryň aýan edilmegi bilen, ilatyň demografik aýratynlyklary boýunça käbir meýiller äşgär bolýar.
Aşgabatda häkimiýetler bank pudagynyň ähli zenan işgärleri üçin birmeňzeş reňkdäki milli eşigi geýmek talabyny güýje girizdiler. Talaby berjaý etmediklere işden çykarylmak we jaýlarynyň ellerinden alynmak howpy abanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 31-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.
Türkmenabatly ýaşlar nobatdaky köpçülikleýin çärä çekildi. Student ýaşlar şäheriň merkezindäki "Ak Öýüň" öňünde geçirilen dabara mejbury häsiýetde gatnaşdyrylyp, uzak wagtlap sowuk howada boldular.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio 2-nji fewralda Panama kanalyna baryp görüp, kabul ediji ýurda möhüm suw ýoluna Hytaýyň edýän gatnaşygyny çäklendirmese, Waşngtonyň “zerur çäreleri görjekdigini” duýdurdy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy, hökümet çykdajylaryny nyşana alýan ýerine ýetiriji çäreleriň arasynda, Waşingtonyň esasy halkara kömek goluny ýapýana çalym etdi. Halkara ynsanperwer guramalary bu çäräniň heläkçilikli netijelere getirip biljekdigini duýdurdy.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
Народ имеет право! Халкын хаккы бар!
Туркменистанцы не бойтесь! Это наша земля,а не Бердымухамедовых @
Iñ soñky derjeli "ABSURD" yurt!!!
Halk nâçe dymsa zulum ondan iki esse yokary galar
👏👏👏👏👏Я незнаю почему народ боиться! Правительство нам обязано! Они должны делать то о чем просит народ!
Юрди болмели
Dogry aydyan yurdy bölmeli
Гутаран юрт
Nämе welayattan bolonlar Türkmen dälmi oloryñ bütin Türkmenistanda Yamaha haky yokmy?
Paýtad velaýatlardan gorkýar
Нм учин бейле бичем туркмен бизем мусулман
Сик йыкыланын готине😂