HG: Türkmenabatda azyk harytlarynyň käbir görnüşleri 200%-e çenli gymmatlady
Вставка
- Опубліковано 5 лют 2025
- Şu günki programmamyzda:
Türkmenistanda täze ýylyň başyndan azyk önümleriniň gymmatlamagy dowam edýär. Gymmatçylyk baradaky nobatdaky maglumat, ýurduň Lebapdan gelip gowşup, bu sebitde käbir azyk önümleriniň bahasy 30%-den 200%-e çenli ýokarlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji fewralda sebitden maglumat berdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ukraina we Russiýa boýunça ýörite wekili Kit Kellogg indiki hepde Mýunhende boljak howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşjakdygyny we Trampyň Ukrainadaky söweşi bes etmek maksady barada çykyş etjekdigini tassyklady.
Aşgabatda şu günler maşgala nikasyny bozup, aýrylyşmak isleýän raýatlar ýaşaýan ýerindäki etrap kazyýetine baranda, bu hyzmat üçin resmi tölegiň bäş esse gymmatlandygyny bilip galýarlar. Bu ýagdaýlar barada 5-nji fewralda paýtagtdan maglumat beren Azatlyk Radiosynyň habarçysy munuň köp är-aýalyň aýrylyşmak meselesini soňa goýmagyna getirýändigini aýdýar.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary serhet mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça karary kabul etdi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň wekilleri 4-nji fewralda onlaýn gepleşikler geçirdi. Taraplar “Farap awtoýollary-Alat” barlag nokadynyň kuwwatyny ýene-de artdyrmak kararyna geldiler diýip, Türkmenistanyň gümrük edarasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, özbek metbugaty habar berdi.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar