Sosial torlarda galp türkmen pasportyny hödürlenýänleriň üsti açyldy
Вставка
- Опубліковано 18 лис 2024
- Azatlyk Radiosynyň “Migrant-Media” taslamasynyň derňewi netijesinde daşary ýurtlarda galp tükmen biometrik pasportlaryny taýýarlamak işleri bilen meşgullanýandygyny aýdýan adamlar anyklandy. Bu iş bilen meşgullanýanlaryň biri, özüni Begzod diýip tanadan özbegistanlydygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä ol Moskwa şäherinde hereket edýär we öz hyzmatlaryny Telegram arkaly türkmen migrantlaryna hödürleýär.
Begzod:”Pasportynyň möhleti dolan türkmen migrantlary onuň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar we Watanyna dolanmak isleýän migrantlar üçin bu pasport uly töwekgelçilik döredýär” diýip aýdýar.
“Türkmen migrantlary türkmen hökümetiniň pasport möhletini uzaltmakdan ýüz öwürmegi sebäpli, şeýle jenaýatçy toparlara ýüz tutmagy mejbur bolýarlar” diýip, Polşanyň Warşawa şäherinde ýaşaýan türkmenistanly migrant we şaýat aýdýar.
Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, türkmen migrantlary daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalarynda biometrik pasportlaryny çalşyp bilýärler.
Emma Türkmenistanyň hökümeti ençeme ýyllaryň dowamynda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen migrantlaryna diplomatik wekilhanalarynyň üsti bilen biometrik pasportlaryny täzelep bermeýärler.
Wideo: “Migrant Media”
#MigrantMediaCentralAsia
Ağlamak 😢 yerne gulyoriş😅
Эгер бизин паспордымызы башга юрьда онарян болса орда бизин юрдумызын аврайы дуня аренасында пес чда йок дийленидир Бир мощенник онарян болса онда хокумет гуйчсиз хасап эдилер
🤝🤝🤝
🤔🤔🤔🤔🤔
Бок ялы пулы бардырай шо Бегзодын😂😂😂😂😂 хак еден олиелими