HG: Býujet işgärlerinden "çürtüm we otag" üçin pul ýygnalýar

Поділитися
Вставка
  • Опубліковано 25 сер 2024
  • Şu günki programmamyzda:
    - Mary welaýatynda ýerleşýän däne ammarlarynyň, elewatorlaryň işgärleri bugdaý hasylynyň saklanyş şertlerine alada bildirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy iýulda sebitden maglumat berdi.
    - Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynda işgärlerden ýene pul ýygnalýar. Edara ýolbaşçylary bu gezekki puluň gowaça ekilen meýdanlarda çürtüm we otag etmek işlerini geçirmek üçin sarp ediljekdigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy iýulda sebitden maglumat berdi.
    - Ýewropa Komissiýasynyň agzalary Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban tarapyndan geçiriljek resmi däl ýygnaklary boýkot ederler we Budapeştiň Ýewropa Bileleşiginiň alty aýlyk prezidentlik möhletiniň dowamyndaky duşuşyklarynda olaryň ýerine pes derejeli resmiler wekilçilik ederler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy Orbanyň Russiýanyň we Hytaýyň liderleri Wladimir Putin we Si Szinpin bilen geçiren rugsat berilmedik duşuşyklaryndan soň yglan etdi.
    Habarlaşmak üçin:
    • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
    • Telegram: @Azathabar
    #habarlar

КОМЕНТАРІ • 1

  • @user-nf2oq9bx1x
    @user-nf2oq9bx1x Місяць тому +1

    только вы можете освободить туркменский народ от рабского хлопка