Resul Geldiyew- Gerçekler (Gokdepe galasy soweşy)

Поділитися
Вставка
  • Опубліковано 12 чер 2024

КОМЕНТАРІ • 2

  • @atashatayew7366
    @atashatayew7366 День тому +1

    Атабабалармызын ятан ери ягты иманы жайлы болсун.
    Жалко

  • @turkmenhalkaydymlary223
    @turkmenhalkaydymlary223  Місяць тому +1

    Sizden şul aydym uçyn Layk soramayan, yone Watan ucyn jan beren ata-babalarymyzyñ pak ruhina ayat gurhan okalyñ. Gokdepe soweşy 1879 ýyl. ( Не просим от вас лайк за эту песню,но молитесь пожалуйста за предков которые сражались за свою родину. Гёкдепинская сражения 1879 год.
    Ýat edeýin, Gökdepäniň galasyn!
    Jan alyp, jan beren, jan ýatyr munda!
    Döş gerip, garşylap, Orus belasyn,
    Sanalmagy çetin, san ýatyr munda!
    Ösdi kapyr geldi, ajal permanly,
    Ýigitlermiz atlandylar, durmanly,
    Niçe gyz-gelinler geçdi, armanly,
    Ýany ýarsyz galan ýar ýatyr munda!
    Niçe gerçek gitdi, goly at bilen,
    Niçe ýesir gitdi, dat-bidat bilen,
    Ençe ýaş juwanlar ýandy, ot bilen,
    Kalby gyşa dönen, ýar ýatyr munda!
    Watan üçin, iman üçin, din üçin,
    Baş goýdular toprak üçin, jan üçin,
    Namys üçin, perzent üçin, müň üçin,
    Ertesi ýok bolan, düýn ýatyr munda!
    Hemze ýatyr, Orazmämet Han ýatyr,
    Baýram ýatyr, Bährem ýatyr, bar ýatyr,
    Şahyr ýatyr, şa-da ýatyr, şir ýatyr,
    Gurbanmyrat işan-pir ýatyr munda!
    Ölen üç är, indi dogmaz eneden!
    Olaň ady çykmaz, taryh seneden!
    Nurberdi Han, Çopan Batyr, Gönebeg,
    Takdyry kyýamat, är ýatyr munda!
    Garagumda doglan, garagum gurdy!
    Ak işan patany bir dana pürdi,
    Durdygözel enäň gerçek zürýady,
    Gara Batyr atly, dag ýatyr munda!
    Köýdi, müňläp janlar, gunça has solup,
    Neresse çagalar gitdi, delmuryp,
    Tekäniň täleýni gerdenne alyp,
    Dykma Serdar atly, är ýatyr munda!
    Aýdar weli munda aglap, dat eder,
    Müňini gam edip, birin şat eder,
    Akylym aglar, gerçekleri ýat eder,
    Keýmir Kör dikelden, tug ýatyr munda!
    Ýatyrlar, galany basyp bagryna,
    Aýak diräp, gaýry ganat, böwrüne,
    Haram ganyn goşdy, halal neslime,
    Namysyndan ölen, kän ýatyr, munda!
    Hezreti Nurberdi Han ýatyr munda!
    Gurbanmyrat işan-pir ýatyr munda!