HG: Balkanabatda bolan ýol hadysasynda bir okuwçy heläk boldy, ýene biri ýaralandy

Поділитися
Вставка
  • Опубліковано 27 вер 2024
  • Şu günki programmamyzda:
    - Soňky aýlarda türk häkimiýetleriniň Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan daşary ýurtlulara garşy reýdleriniň gerimi güýçlendi. Bu ýagdaý, Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylary dürli çykalgalary gözlemäge iterýär. Bularyň arasynda, adamlaryň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanyp, öz watandaşlaryny aldawa salýan türkmenistanlylar köpelýär. Bu barada Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa we türkmen migrantlarynyň birnäçesi 2-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.
    - Goňşy Özbegistanyň Surhandarýa welaýatynyň Boýsun etrabynda ýerleşýän bir gaz käninde bolup geçen partlama Türkmenistanyň serhetýaka Lebap welaýatynyň, şeýle-de Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň arasynda dowul döretdi.
    - Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde 1-nji sentýabrda adam pidasyna getiren ýol-ulag hadysasy boldy. Bir mekdep okuwçysy wakanyň bolan ýerinde heläk boldy, ýene biri hassahana ýerleşdirildi. Heläkçiligiň yz ýanynda, şäheriň köçelerinde we mekdepleriň töwereklerinde polisiýanyň işjeňligi ýokarlandy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.
    Habarlaşmak üçin:
    • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
    • Telegram: @Azathabar
    #habarlar

КОМЕНТАРІ • 2

  • @B...B-c7s
    @B...B-c7s 24 дні тому

    👍👍👍💖💖💖