Ol bir legend - Altymyrat Orazdurdyýew | Muny Bilmek Gyzykly #2
Вставка
- Опубліковано 7 лис 2017
- Ol bir sportsmen. Ol bir dünýä çempiony. Ol bir legend.
Ol watan ogly - Altymyrat Orazdurdyýew.
Muny bilmek gyzykly wideo programmamyzyň şu sanynda size, Altymyrat Orazdurdyýewiň durmuş hekaýasyny ýetirýäris.
Her bir türkmen sport hakda piker etse ony ýatlaman geçip bilmese gerek. Altymyrat ýa-da lakamy bilen aýtsak “Altyşka”, 1969-njy ýylyň 16-njy iýunynda Mary welaýatanyň Sakarçäge etrabynda eneden bolýar. Maşgalanyň bäş oglunyň biri. Ol kiçi ýaşdan agalarynyň ugrukdyrmagy arkaly sport bilen meşgullanmaga başlaýar. Deň-duşlarynyň arasyndan saýlanyp ugran Altymyrat, Aşgabat şäherindäki “Dinamo” toparynda Brono Abramýanyň tälimçiliginde agyr atletikanyň ştanga galdyrmak ugry boýunça türgenleşmäge başlaýar.
Belki-de özüniň dünýäň iň belli ştangaçylaryndan biri boljakdygyndan bihabar.
Ol türkmen döwlet sport we turizm institudyny tamamlaýar.Güýjüni barha artdyryp ugran Altymyradyň tälimçileri ony halkara ýaryşlara gatnaşdyrmagyň ýoluna çykýarlar. Ine şeýdibem Altymyradyň üstünliklere tarap syýahaty başlanýar. Ol, gatnaşan ýaryşlarynyň ählisinde diýen ýaly altyn medal almagy başarýar.
Altymyradyň ýiti ukybyny gören daşary ýurtly tälimçiler Altymyrada, eger öz ýurtlarynyň adyndan çykyş etse diýen zadyny berjekdiklerini aýdanlarynda, Altymyrat, ynamly hem kesgitli “Men diňe türkmeniň ýaşyl tugunyň astynda çykyş ederin” - diýipdir.
1992-nji ýylda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen tomusky Olimpik oýunlarda Birleşen toparynyň düzüminde çykyş etmäge hukuk gazanmagyna garamazdan ýygyndyň baş tälimçisi Wasiliý Alekseýew oňa çykyş etmäne rugsat bermeýär.
Bu waka onuň dünýä çempiony bolmagyna päsgel berip bilmeýär. Altyşka 1992-nji ýylda bu ugurda dünýä rekordsmeni diýlen ada mynasyp bolýar we türkmeniň güýjüni dünýä jar edýär.
Altymyradyň gazanan üstünlikleri şeýle;
Dünýä çempionatlarynda, 1989-nji ýylda Afina şäherinde 75 kg agram bilen altyn medal.
1990-njy ýylda Budapeşt şäherinde 82,5 kg agram bilen altyn medal.
1993-nji ýylda Melburn şäherinde 76 kg agram bilen altyn medal.
Ýewropa çempionatlarynda, 1989-njy ýylda Afina şäherinde 75 kg agram bilen altyn medal.
1990-njy ýylda Aalborg şäherinde 82,5 kg agram bilen altyn medal.
1991-nji ýylda Wladyslawowo şäherinde 82,5 kg agram bilen altyn medal.
Aziýa çempionatynda, 1994-nji ýylda Hirosima şäherinde 70 kg agram bilen altyn medal.
1988-nji ýylda Samarkant şäherinde Kubok SSSR ýaryşynda 75 kg agram bilen altyn medal.
1992-nji ýylda Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň agyr atletika çempionatynda 75 kg agram bilen altyn medal.
Altyşka 1988-nji ýyldan 1994-nji ýyla çenli 6 ýylyň dowamynda jemi 9 sany altyn medal gazanýar.Emma gynansagam Altymyradyň ömri gysga bolýar. Ol 1997-nji ýylyň 7-nji martynda, heniz 27-di ýaşyndaka böwrek keseli zerarly Aşgabat şäherinde bu ýagty jahan bilen hoşlaşýar. Ol şeýle gysga ömre diýsen uly üstünlikler sygdyrmagy başaran merdana türkmen ýigidi.
Wideo programmamyzyň bu sanynda milli buýsanjymyz Altymyrat Orazdudyýewiň durmuş hekaýasyny size ýetirdik.
Wideomyzy halan bolsaňyz aşakdan like-a basmagy, we kanalymyzy yzarlamagy ýatdan çykarmaň. - Розваги
Men Altymyrat neresse bilen 1990-njy yylda, haçanda ol Dunyä Çempiony bolup Turkmenistana dolananda,aeroportda,Maya Aymedowa bilen bilelikde garşylap gutlanymyzda tanyş bolupdym. Ol orta boyly,berk bedenli,guler yuzli, sada turkmen yididi-di. Turkmenistanyň abrayyny arşa çykaran Altymyrady, hormatlap,deňli-derejeli garşylamaga Nyyazowyňam, onuň orramsy hökumetiniňem bogny ysmady. Yog-sa, bu är yigit Watanymyza gazanan ustunligi uçin köçelerde geçjek yoluna gul duşäp, tutuş halk bolup garşalynmaga mynasypdy. Emma iki deputatdan başga Altymyrady garşylamaga giden yolbaşçy bolmady. Haçanda Altymyrat kesellände, yurduň ähli yerasty we yerusti baylygyny öz penjesinde jemlän haramzada diktator, ol neresse uçin zerur bolan operaçiyanyň we böwregiň çykdajysyny tölemekden boyun gaçyryp,Altymyrady biwagt ajala buyran kapyr ol. Howwa,Altymyrat Turkmeniň Gerçek Ogly, şol bir wagtyň özunde-de ol agyr kesellände ,hökumet tarapdanam, halk tarapdanam, yalňyz galdyrylan Gerçek. Eger-de, şol döwur Turkmenistanyň ilaty Altymyrada operaçiya uçin zerur bolan puly, her hojalykdan 1 dollar toplananlygynda, onda ol häzir biziň aramyzda diri gezip yörmeli adamdy. Maňa dogry duşuniň, adamlar! bu hiç kimiň yekelikdäki gunäsi däl, bu biziň ählimiziň.tutuş turkmen halkynyň öwezini dolup bolmajak tragediyasy.
Bogny ysmady yaly sozleri ulanyan adamlarymyz henizem bar. Juda begendim.
Agzyñyza saglyk doganym gaty dogry diyyañiz baýlayklarmyz bize dal haramlara nesip etdi Alla belalarny bersin haramlañ görüp bilmezlik edendir nyýazow
100% dogry aydyan agam ansyz dushunjesiz halk hem ony goldamadg
Barsi niresi turkmenistanmy. Turkmenistanda beyle yenil arassa turkmence geplap yazyp bilyanem tapmak gyn şu dowurde. Ozune hemmezady bilyanmikam oydup cisip yorenlerinem ne suyji dili bar ne de sozunun manysy
Onun kesellan wagty gaty biderek wagta dish gelipdir. Soyuz dargap, garassyzlyga gecis dowri, gaty kyn bolupdy hemmamize. Sport sometimes hic. Su wagtlara dus gelende bu keselden olmezdi. Jay jennet bolsun!
Туркменистаны бутин дунйа танадан инимиз! Сен биринжи танатдын, туркменистан довлетинин барлыгына. Ятан ерин ягты, жайын женнетден болсун! Амин!
инди ол йалы адам доремейар Алла тагалланын гудраты Алтымырат
MARY PALWANY гордость ТУРКМЕНИИ 🇹🇲
Легенда туркменского спорта, достойный и скромный был человек. Земля тебе пухом Алтымурад 😟
Симпатичный оглан😢 спортсмен 😢 ешиклерем соврименный Адидас.ятан ери ягты болсун❤❤❤❤❤❤❤помитник етмели хокман
Turkmenin beyik ussat ogly Altymyratjan yatan yerin yagty
Bolsun
*_TÜRKMENIŇ PES OGLY BOLMAK AÝYPDYR_* !!! ☝
Çempiony unutmarys unutdyrmarys Allahym Nur içinde yatsyn yaş gitdi
Ятан ери ягты болсун Ватанымызын бейик герчек оглы сиз туркмен халкынын хакыдасында бакы дирисин
gaty gowy wideo bolupdyr, hemme azap edenleri gutlaýan 👏👏👏
Yatan yerin yagty jayyn jennetden bolsun Yatdan chykarylmajak sportsmen
Yatan yerin yagty bolsun jayyn jennetden bolsun nur icinde yat Altymyrat agamyz turkmeni dunya tanadan sen yureklerde baky yasarsyn agam sen yaly bolup biljek bolmaz 👍
Jayy jennet bolsun
Turmeni dunya tanadan Altyska agam yatan yerin yagty jayyn jennetde bolsun
Дунйа белли Алтымырат💪💪💪💪💪💪
Türkmenistan Mary ilinden hemmelere salamlar
6 Murat'tan Allah razı olsun Allah ona rahmet eylesin Rabbim ona cennetinden en güzel ev versin
Jayy jennet bolsun yureklerde yasarsyn turkmen ogly
Jayyn jennet bolsun!!!
Jaýyñ jennet bolsun Altymyrat aga
Amin
Bu Turkmeniñ beyik ogluna Allah rehim etsin. Men birzada gen galyan name üçin Beyikler aramyzdan ir gitya Meselem:Gurbannazar Ezizow 32 yaş,Nury Meredow 37,Kakageldi-Toyly Nuralyyewler Toyly 23 yaş
Nuryşka Bally Hajy и ещё тоже есть😢❤❤Yöne dine Allah rahmet Hemmamizi
Ол адамыны йене 10 асырданам йатдан чыкарлмаз йатан йерин ягты болсын
Yatan yerin yagty jayyn jennet bolsun agam gonsy obasynnan salam
Ýatan ýeriñ ýagty bolsun yzyñy tkm turgenleri ýöretsin video ucn minnetdayrlyk bildiryas.
Алтышка сен болжак йокдур !!!
Number 1☝️ Altyshka👏. Yatan yerin yagty bolsun. Любим, помним, скорбим.
Ятан ерин ягты болсун доганжыгым Алтышка
İman baylygyn bersin. TURKMENİ DUYA TANADAN İLKİ SPORTSMENLERMİZ
Ятан жайын женнет болсун дост.
спасибо друз .Он истенный сын своего отца и народа . жаль очень жаль его ранный уход . пусть земля будеть пухом.
Jayyan jenney. BOlsun obadas ALLAH SEN JAYYNY JENNETDEN EYLESIN ...MEN BUYSAN YAN . SEN OBADASYN DIYMANE. ALTYMYRAT
Sagjabol penji sana DA sylap goyanyna suny omrun bolsun Allah sana alty yally goc yicit bersin
Ýatan ýeriñ ýagty bolsun
Мы не когда не забыли
Жайын женнетден болсун,Туркмен спортсменлерне горелде болдун,хазирки спортсменлереде сен дережане етмек несип этсин
Туркменин гахрыманы алтымырат оглы ятан ерин ягты ве женнет болсун
Taýsyz. Altymyrat. Tapylmaz
Ятан ерин женнетде боллсун бейик Туркмен оглы
Алладан дилейан Жайын женетде болсын Алтымурат сизин ялы чемпиен болармыка инди бизин юрдымызда.
Nesip bolsa bolar
Йатан ерин йагты болсун
Биз бу гахрыманы бакы ятларыс,ягты ядыгарлигине "УССАТ",гул чеменлери🌹🌹🌹🌹🌹🌹😢🙏🙏🙏🙏
Админ ишине соз ёк, молодец,👏👏Йоне алан байракларын йылыны ызыгидер Айдан болсан говы боларды,1993- дийип ондан сонам 1988- дийип,ай бир соз бн айлыланда гарым гатым болды ((( .
Gulhan Hanova hello
Привет
Ятан ерин ягты болсын
Mekanyñ jennet bolsun Türkmenin mert ogly Altymyrat😔
ýatan ýeri jennet, ruhy şat bolsun.
Maladess gowy !
Ятан ери ягты болсын Аллаху акбар!!!
Алтымарат худай берен оте талантливый адам болан оте талантливый адамам узак яшанокда.Алтымыратдан сон Туркменлерде хич бир спортдада дунйе чемпионы болып гормедик Олимпия ойынларында медаллы орунлары алып горемизок Озимиз оз янымыздан коп довлетлере говнимиз етмез велин йоне ин беркиси овганыстанданам олимпия ойынларында медал алып горен спортсмен бар
Jayy jennetden bolsun
buysandyryjy hakykatlaryn biri # minnetdar
Yatan yerin yagty bolsun Altymyrat turkmenin tugyny belende goteren gercek ogul jayyn jennet bolsun
Yatan yerin ýagty jaýyn jennetden bolsyn Altymyrat.Watanyñ beýik ogly.Ýureklerde baky ýašarsyñ undylmajak sportsmensiñ sen
такой сильный спортсмен будущий не будет не буду даже)))
Yatan yeriñ yagty bolsun
Berekellah inim örän gowy tayyarlapsyñ. Altymyrat agam seni unutmarys.
Mekânın jennet olsun Altimuratjan türkmenleñ gururisiñ
Молодец ...админ саг бол! (йоне кемчилигин : сесин пес чыкыпдыр )
Turkmenin Legendasy 👍
Yatan Yerin Yagty Bolsun !
Agam ýatan yerin ýagty bolsyn süper adamsyn
Berekella
Ýatan ýeriñ ýagty janyñ Jennet bolsun palwanlaryñ palwany
Altymyrat Orazdurdyyew👍
Яшасын езиз ватанымыз Туркменистан
Yatan yeri yagty bolsun Altymyradyn admin sanada minnetdar
Jaýy jennet bolsun. Yaradan Allam bize Altymyrat ýaly Gaygysyz Atabayew yaly , Eziz han yaly yenede sanardan kän Watanyny, Namysyny , Baydagyny pula çalyşmadyk Mert Türkmen yiğitlerine mynasyp hormat sylag edilenini görmegi nesip etsin.
Алтымурад, гордость Туркмении!!!!
Покойся с миром, пусть земля будет пухом!!!
Всегда в нашей памяти и в сердцах❤
Туркменин герчек оглына шохрат .Бейик адамлар йуреклерде бакы яшар🏋🏋🏋🏋
Yatan yerin yagty bolsun agam Altymyrat
Yatan yeri yagty bolsun😔
Ятан ерин ягты болсун жайын женнет иманын хемра болсун
Yatan yerin yagty bolsyn
Ятан ерин ягты болсун Туркменин Бейик оглы
Мой земляк
Altymyrat Orazdurdyewiñ ýatan ýeri ýagty bolsun.Ol barada entegem aýdara zat juda kàn.....!
тоже
Он родом из Сакарчага, я там служил в Армии.Только узнал что он умер совсем молодым в 27 лет, обидно что ему не дали выступить в Барселоне,. Может он и выиграл бы.
Yatan yerin yagty bolsun agam.
👍🇹🇲 Jayy Jennet bolsun.
Yatan yeri yagty bolsyn .
Agam yatan yeriñ yagty bolsun sen türkmenleri hasam marylylary buysandyryañ
Йатан йерин йагты болсун жайын женнетден болсун
hany nace sakarcageli tomasa etdika widio like goyalyn
Ятан ерин ягты болсун
Магтымгулын шейле гошгы сетирлери бар:
Бардыр йигит, созун тапмаз самырдар.
Бардыр йигит, деми дашы еридир.
Алтышка шейле йигитлерден,
Minnetdar Awtor, Altymyrat turkmenin goc ogly hormat
jayyn jennetden bolsun!
İslese Niyazow herşey yapardı ama yazık olmuş Altımırata Niyazovın kendi yürek daktırdı ama Altımırata böbrekmi bulunmadı mekanı cennet olsun
Mihriban Sağ Doğru diyarsinis. Eşitdigime göre şol vagtlar hiç seridilmandir Altymyrat agamyza.
Гаты говы, берекелла админ!
Василии Алексеевичи вешать надо
Yatan yerik yagty bolsun vatanyn gercek goc yigidi
Canim agam Altikamm elinde ulalik be
Йатан ерин йагты болсын
Oňat kanalyňyz bar Widýolaryňyzyň dowamynyň bolmagyny umyt edýän we işiňizde üstünlik arzuw edýän..
sagja bola
Yatan yeri yagty bolsun jayy jennet bolsun hic wagt yadymyzdan cykmarsyn eziz doganym
Йатан йери йагты болсун
Meledis oglanlar vidyalara dowam👍
Gercek turkmenin taryhyna altyn harplar bilen adyny yazan Altymyrt bratok yatan yerin yagty bolsun sen
1992г г Харьков до 75кг Алтымырат О 200,7 кг
👍👍👍👍👍
Jayyn.jennetde bolsun
Bu gün aradan cykan günü Allah mekanını cennet eylesin amin.7-nji Mart
yatan yerin yagty bolsun altymyrat aga
Tüweleme, Hormat Size
Сизден улы хайышт шу видеоны гайтадан Рус дилинде ве Инлис дилинде гойберсениз биз сизден оран хошал ве мунданда хасда хошал болардык админ, бир шу видеоны эсасы диллердеде горсинлер бутин дуня юзи, бу адамын Туркмен боландыгыны ве хеммани хайран галдырандыгыны хеммелер ене бир гезек дал коп гезек томаша этсинлер, коп саг болун!
легенда💪💪💪
🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲👍👍👍👍👍👍