HG: Aşgabatda rus wizasyny almak isleýänleriň ýüzlerçe adamlyk nobaty döredi

Поділитися
Вставка
  • Опубліковано 21 тра 2024
  • Bu günki programmamyzda:
    - Eýranyň prezidentiniň dikuçar heläkçiliginde aradan çykmagy, Balkan welaýatynyň ilatynyň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi. Türkmenistan bilen 1 müň 100 kilometr çemesi serhet araçägi bolan Eýrandaky ýagdaýyň ýurtda döreden reaksiýasy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 22-nji maýda sebitden maglumat berdiler.
    - Türkmenistanda rus wizasyny almak isleýän raýatlaryň sany ýokary bolmagyna galýar. Ýurtda migrasiýanyň möçberi barada resmi sanar çap edilmeýärkä, biometriki pasporty, daşary ýurtlara wizalary we daşary ýurtlara çykmak üçin talap edilýän dürli resminamalary almak isleýänleriň sany gitdigiçe artýar. Azatlygyň habarçylary rus wizasyny almak bilen bagly soňky ýagdaýlar barada Aşgabatdan habar berýärler.
    - Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda ýüzlerçe gektarlyk gowaça we bugdaý meýdanlary sil suwlarynyň aşagynda galdy diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji maýda sebitden maglumat berdi.
    Habarlaşmak üçin:
    • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
    • Telegram: @Azathabar
    #habarlar

КОМЕНТАРІ •