Türkmen türmesinde diri ýiten tussaglaryň ýene ikisiniň jesetleri garyndaşlaryna berildi

Поділитися
Вставка
  • Опубліковано 4 жов 2017
  • Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen ozalky ýokary derejeli resmileriň ýene iki sanysynyň - Saparmämmet Weliýewiň hem-de Poran Berdiýewiň türkmen türmesinde ýogalandygy, olaryň jesetleriniň garyndaşlaryna jaýlamak üçin berlendigi belli boldy.
    Saparmämmet Weliýewe “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy bolup işlän döwründe, nebit önümçiligini ýokarlandygy üçin diýlip, prezident Nyýazow tarapyndan “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen at berlipdi.
    Emma ol 2005-nji ýylyň awgustynda, nebit-gaz ulgamynda korrupsiýa ýol berendigi sebäpli, şol wagtky baş prokuror Gurbanbibi Atajanowanyň edarasynyň sülçüleriniň geçiren derňewleri esasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
    Ýerli çeşme Saparmämmet Weliýewiň ykbalynyň 16-17 ýyllap garyndaşlaryna hem belli bolmandygyny, ony olara görkezmändiklerini, dogan-garyndaşlarynyň tussagyň saklanylýan ýerini diňe çak edendigini, “o ýerdemiş, bu ýerde saklanýarmyş” diýip, birnäçe çaklamanyň bolandygyny gürrüň berdi.
    Garyndaşlarynyň aýtmaklaryna görä, Saparmämmet Weliýewi bir ýarym ýa mundan öň Nebitdagda, Gara ahun gonamçylygynda jaýlapdyrlar.
    S.Nyýazowyň hökümetinde birnäçe uly wezipede, içeri işler ministriniň orunbasary, içeri işler ministri, milli howpsuzlyk ministri, Balkan welaýatynyň häkimi ýaly jogapkär işlerde işlän Poran Berdiýwiň jesedi garyndaşlaryna bir hepde ozal berildi.
    Poran Berdiýewiň türmede ýa-da içerki sürgünde ýogalandygy, jaýlanandygy barada mundan öň hem birnäçe gezek gürrüň ýaýrady, emma ol gürrüňler ne tassyklandy, ne-de ret edildi.
    Soňky gelen maglumata görä, Poran Berdiýwiň jesedi bir hepde ozal garyndaşlaryna berlipdir we ol Gyzylarbadyň “Parawbibi” gonamçylygynda jaýlanypdyr (Onuň asly Gyzylarbadyň Paraw obasyndan diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berdi).
    "Olary diri görkeziň" kampaniýasynyň maglumatyna görä, türkmen türmelerinde ýiten hasaplanylýan tussaglaryň anyk bilinýänleri 112 töweregi adam bolup, soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri türmede ölen bendileriň jesetlerini garyndaşlaryna berip başlady.
    Azatlyk bu iki merhum hakynda häzir goşmaça maglumatlary, jikme-jiklikleri öwrenýär we habaryň üstüniň ýetirilmegine garaşylýar.

КОМЕНТАРІ • 19

  • @gulsenmuratowa131
    @gulsenmuratowa131 6 років тому +7

    Yatan yerleri yagty bolsun mekany cennetten bolsun😢😢bulary haram öldürenler hudaydan tapsynlar omin

  • @busrapekin8364
    @busrapekin8364 3 роки тому

    İnşhAllah hak yegenlerin hemmesini Allah yerine koyar

  • @user-pb7xl1xt3v
    @user-pb7xl1xt3v 4 роки тому +2

    Eyy poran,poran vagtynda demokrat eden bolsan duynyada yasardyn . Su gurbangulynyn pathalimlernide degisli bu

  • @dogrylaryaytyan2372
    @dogrylaryaytyan2372 6 років тому +7

    Nâce gizlesenizem artyk adamlaryñ gozi acylmana başlady pidyry

  • @user-ki5qf6ci2l
    @user-ki5qf6ci2l 4 роки тому +1

    Кор болсунлар галанларини. Гунем шунгяли боля хемме патхалимларни гуни шунг яли ИТ яли олялер турмеде

  • @dogrylaryaytyan2372
    @dogrylaryaytyan2372 6 років тому +3

    Diñe yazylan komentleri gizlemekden başka iş gelmidi elinizden urody

  • @dowletamanmammedow8788
    @dowletamanmammedow8788 5 років тому +2

    turkmen turme.

  • @user-gk6hd9we4t
    @user-gk6hd9we4t 5 років тому

    Şu Otuzov Begmurat hakindada aýdib otaýinde maglumat berib otin

    • @user-kp1tt5be5n
      @user-kp1tt5be5n 4 роки тому

      Сен танмаян Гутлымурадын инисими Сапарбайевич

    • @user-gk9go1qf7v
      @user-gk9go1qf7v 3 місяці тому

      Желепден доган еврей ныязовын якып гиден оды хенизем очмеди...поран бердиеве гынанярын...галанларын хенизем аз..
      Эденлерини эгни билен чекерден коп... 4:00