Daş Bolar Ýigidiň ykbaly ýatsa, hak dogany daş bolar. Ýene gaýdyp döwlet gelse, ýok dogany bäş bolar. Owal ahyr tanamaýanlar, saňa garyndaş bolar, Bedasyla emel ýetse, bozuk käre baş bolar. Bir ogulsyz bendeleriň, ýurdy galsa boş bolar. Adam bardyr adam içre, ejiz adyn göterer, Adam bardyr özün bilmeý, ile tilin ýetirer, Adam bar hiç zatda bolman, haýp ömrün geçirer. Adam bardyr dileg etseň ýok ýerinden bitirer. Namartlardan dileg etseň, ýatyp ýüzmek daş bolar. Döwletmämmet beýläk barsaň, näm bolar halyň seniň, Keremiňe şükrüm kändir, eý Keremli Hudaýym! Muhammet ymmat içre bolsunla berlen jaýyň Gaýgy gussa gark bolup munda geçdi wysalyň. Baş bolaýsaň bozuk käre, iman senden daş bolar. Döwletmämet Balgyzyl (1854-1912)
Даш болар.... 🕶️💣💥🎇💯👍Лебап илинден хемме салам..... 🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲🇹🇲
Баллы Хажыев Туркмен сунгатында очмежек оз болушлы ыз галдырып гиден бейик туркмен оглудыр! Мунун овадан елы асырлар бойы яшар!!!
Bida gelmejek bagşy.
Bally Hajy, yatan yerin yagty bolsun
Bally yureklerde omurlik yasar
Муна тай гелжек багшы ёкдур
Хакыкы багшы йурекден айдя
Daş Bolar
Ýigidiň ykbaly ýatsa, hak dogany daş bolar.
Ýene gaýdyp döwlet gelse, ýok dogany bäş bolar.
Owal ahyr tanamaýanlar, saňa garyndaş bolar,
Bedasyla emel ýetse, bozuk käre baş bolar.
Bir ogulsyz bendeleriň, ýurdy galsa boş bolar.
Adam bardyr adam içre, ejiz adyn göterer,
Adam bardyr özün bilmeý, ile tilin ýetirer,
Adam bar hiç zatda bolman, haýp ömrün geçirer.
Adam bardyr dileg etseň ýok ýerinden bitirer.
Namartlardan dileg etseň, ýatyp ýüzmek daş bolar.
Döwletmämmet beýläk barsaň, näm bolar halyň seniň,
Keremiňe şükrüm kändir, eý Keremli Hudaýym!
Muhammet ymmat içre bolsunla berlen jaýyň
Gaýgy gussa gark bolup munda geçdi wysalyň.
Baş bolaýsaň bozuk käre, iman senden daş bolar.
Döwletmämet Balgyzyl (1854-1912)
Bally Hajy ol sungatda yz galdyran ussat bagşy hem halypa sazanda
Ustune adam yok tekrari yok.
malades
Ятан Ерин Ягты Болсун Баллы кака Уссатларын Уссады
Bally agam sen sazada aydymada gaty usat sen sunnatyn öçmejek sungatdyr
Bally halypa halk aydymyn fundamendini guyan