HG: Balkanda medisina işgärleriniň 'üç arkasy' çuňlaşdyrylan görnüşde barlanýar

Поділитися
Вставка
  • Опубліковано 2 тра 2024
  • Şu günki programmamyzda:
    - Balkan welaýatynyň saglygy goraýyş müdirligi welaýatyň ähli etraplaryndaky medisina işgärleriniň arasynda üç arka barlagyny täzeden geçirip başlady. Azatlygyň habarçylary welaýatyň saglyk resmileri we medisina işgärleri bilen söhbetdeş bolup, täze talap bilen bagly ýagdaýy anykladylar.
    - Türkmenistanda daýhanlar oba hojalyk ekinleri üçin zerur bolan mineral dökünleriniň ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýän mahaly, Lebap welaýatynda kärendeçiler bikanun ýollar bilen goňşy Özbegistandan getirilen dökünlerden peýdalanýarlar.
    - Hökümet bilen dawaly "daşary ýurt agenti" kanunyna garşy durýan gürjüstanlylaryň arasyndaky gapma-garşylygyň dowam etmegi bilen, häkimiýetleriň uly protest gurnan demonstrasiýaçylary zorluk, şol sanda rezin oklary hem ulanyp dargatjak bolmagy netijesinde, şaýatlaryň sözlerine görä, Tbilisiddäki dartgynlylyk 3-nji maýda hem ýokary bolmagynda galdy.
    Habarlaşmak üçin:
    • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
    • Telegram: @Azathabar
    #habarlar

КОМЕНТАРІ • 1

  • @user-jg5ue3rs2t
    @user-jg5ue3rs2t Місяць тому +1

    Bu açgoz tohumda hey, utanç ,namus ,iman vijdan yokmuka? Aljagini bilse Allasini unudan bu tohum.