HG: Paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynda öýleri sarygarynja basýar

Поділитися
Вставка
  • Опубліковано 19 вер 2024
  • Şu günki programmamyzda:
    - Türkmenistanda 16-18-nji iýun aralygynda Gurban baýramy bellenilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagt Aşgabatda we sebitlerde türkmen halkynyň milli baýramy mynasybetli geçirilýän köpçülik çärelerini, dabaralary we üýşmeleňleri synladylar. Häkimiýetleriň esewançylyk işleri baýramçylyk ýygnanyşyklarynda yz galdyrdy.
    - Mör-möjekler ýene-de paýtagtyň ýaşaýjylaryny bimaza edýär. Aşgabatda sarygarynja ýaýraýar. Azatlygyň habarçylary paýtagtdaky etraplaryň birinde tizlik bilen ýaýraýan mör-möjekleriň döredýän kynçylyklary barada maglumat berýärler.
    - Dünýäniň ýadro ýaragly dokuz döwleti, 2023-nji ýylda olara öňüni alyş çäresi hökmünde bolan ynamyň ýokarlanmagynyň arasynda, öz ýadro arsenallaryny has döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirýär diýip, Şwesiýanyň pikir merkeziniň 17-nji iýunda çap eden täze hasabatynda aýdylýar.
    Habarlaşmak üçin:
    • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
    • Telegram: @Azathabar
    #habarlar

КОМЕНТАРІ •